Bu gizlinlik beýannamasy, maglumat ýygnaýan we bu şertleri görkezýän Microsoft web sahypalaryna, hyzmatlaryna we önümlerine, şeýle hem, olaryň arabaglanyşygyň daşyndaky önüm goldawy hyzmatlaryna degişlidir. Ol, şu beýannamany görkezmeýän ýa-da oňa baglanyşyk bermeýän, özüniň gizlinlik beýannamasy bolan Microsoft sahypalaryna, hyzmatlaryna we önümlerine degişli däldir.
Aşakdaky mazmunlary okaň we belli bir mowzuk hakda has jikme-jik maglumat üçin "Has giňişleýin öwren" düwmesine basyň. Önümiň gizlinlik beýannamasyny görmek üçin ýokardaky önümleriň sanawyndan hem belläp bilersiňiz. Bu beýannamada agzalan käbir önümler, hyzmatlar ýa-da aýratynlyklar ähli bazarlarda elýeterli bolman biler. Microsoft-yň siziň hususylygyňyzy goramak ugrunda edýän aladalary hakda has giňişleýin maglumaty http://www.microsoft.com/privacy salgysynda tapyp bilersiňiz.
Microsoft sahypalarynyň köpüsi "gutapjyklar", ýagny olary siziň gaty diskiňize ýerleşdirýän domende web serweri tarapyndan okalýan kiçijik tekst faýllaryny ulanýar. Saýlawlaryňyzy we sazlamalaryňyzy saklamak, hasabyňyza girmäge kömek etmek, belli bir ugra niýetlenen mahabatlary bermek we sahypanyň amallaryny seljermek üçin gutapjyklary ulanýarys.
Gutapjyklary gowşurmak we seljerişleri jemlemek üçin web bellijeklerinden hem peýdalanýarys. Bularyň arasynda şahsy maglumatlaryňyzy ýygnamagy gadagan edilen üçünji tarap web bellijekleri bolup biler.
Gutapjyklary we meňzeş tehnologiýalary dolandyrmak üçin aşakdakylar ýaly dürli gurallar bar:
Gutapjyklaryň Ulanylyşy
Microsoft web sahypalarynyň köpüsi, web serweri tarapyndan gaty diskiňize ýerleşdirilýän kiçijik tekst faýllary bolan gutapjyklary ulanýar. Gutapjyklar, olary size iberen domende web serweri tarapyndan okalýan teksti öz içine alýar. Şol tekst köplenç siziň kompýuteriňizi özboluşly kesgitleýän sanlaryň we harplaryň yzygiderliliginden emele gelýär, ýöne başga maglumatlary hem öz içine alyp bilýär. Bu ýerde web sahypalarymyzyň birine gireniňizde Microsoft tarapyndan gaty diskiňize ýerleşdirilmegi mümkin bir gutapjykda saklanýan tekstiň mysaly görkezilýär: E3732CA7E319442F97EA48A170C99801
Biz gutapjyklary şular üçin ulanyp bilýäris:
Köplenç ulanýan gutapjyklarymyzyň käbiri aşakdaky jetwelde görkezilendir. Bu sanaw gaty giňişleýin däl, ýöne ol gutapjyklary sazlamagymyzyň käbir sebäplerini görkezmäge niýetlenendir. Web sahypalarymyzyň birine girseňiz, sahypa aşakdaky gutapjyklaryň käbirini ýa-da hemmesini sazlamagy mümkin:
Web sahypalarymyza gireniňizde Microsoft-yň sazlamagy mümkin bolan gutapjyklardan başga-da, Microsoft-yň sahypalaryna gireniňizde üçünji taraplar hem belli gutapjyklary gaty diskiňize ýerleşdirip biler. Käbir ýagdaýlarda bu, sahypanyň seljerilmegi ýaly belli hyzmatlary biziň adymyzdan ýerine ýetirmegi üçin üçünji taraplary hakyna tutýandygymyz sebäpli bolýar. Beýleki ýagdaýlarda bolsa web sahypalarymyzyň üçünji taraplardan wideo, habar ýaly mazmuny ýa-da mahabatlary, beýleki mahabat torlaryndan iberilýän mahabatlary öz içine alýandygy sebäpli şeýle bolýar. Brauzeriňiz şol mazmuny almak üçin üçünji taraplaryň web sahypalaryna birigýändigi sebäpli, şol üçünji taraplar gaty diskiňize öz gutapjyklaryny ýerleşdirip ýa-da ozal ýerleşdiren gutapjyklaryny okap bilerler.
Gutapjyklaryň dolandyrylyşy
Mysal üçin, Internet Explorer 9-da aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmek arkaly gutapjyklary blokirläp bilersiňiz:
Beýleki brauzerlerde gutapjyklary blokirlemek barada görkezmeleri http://www.allaboutcookies.org/manage-cookies/ salgysyndan tapyp bilersiňiz.
Gutapjyklary blokirlemegi saýlasaňyz gutapjyklara bagly Microsoft sahypalaryna we hyzmatlaryna, hasabyňyza girip bilmezligiňiz ýa-da olaryň beýleki interaktiw aýratynlyklaryny ulanyp bilmezligiňiz mümkin, gutapjyklara garaşly käbir mahabat saýlawlary hem ýerine ýetirilmezligi mümkin.
Mysal üçin, Internet Explorer 9-da aşakdaky ädimleri ıerine ıetirmek arkaly gutapjyklary ıoklap bilersiňiz:
Gutapjyklary ýoklamagy saýlasaňyz, şol gutapjyklar tarapyndan dolandyrylýan islendik sazlamalar we saýlawlar, şol sanda mahabat saýlawlary ýoklanar, olary täzeden döretmek mümkin bolar.
"Yzarlama" we Yzarlaýyş goragy üçin brauzer dolandyryşlary. Has täze brauzerleriň käbirinde "Yzarlama" aýratynlyklary bar. Bu aýratynlyklaryň köpüsi, açylan ýagdaýlarynda girip görýän sahypalaryňyza yzarlanmak islemeýändigiňizi mälim edýän duýduryş ýa-da saýlawlary iberýär. Şol sahypalar, gizlinlik amallaryna baglylykda hatda siz yzarlanmak islemeýändigiňizi mälim etseňiz hem siziň yzarlamak diýip hasaplaýan amallaryna dowam etmekleri mümkin.
Internet Explorer 9-da we 10-da girýän web sahypalaryňyzyň siziň girişiňiz baradaky jikme-jiklikleri üçünji tarap üpjün edijilere awtomatiki ibermeginiň öňüni almaga kömek edýän Yzarlaýyş Goragy atly bir aýratynlyk bar. Yzarlaýyş Goragy sanawyny goşsaňyz, Internet Explorer blokirlenmeli sahypalaryň sanawyndaky sahypalaryň ählisinden gelýän gutapjyklar ýaly üçünji tarap mazmunyny blokirlär. Bu sahypalara gidýan çagyryşlary çäklendirmek bilen, Internet Explorer bu üçünji taraplaryň siz barada ýygnap biljek maglumatlaryny çäklendirer. Yzarlaýyş Goragy Sanawy işjeňleşdirilen bolsa, Internet Explorer siziň girýän sahypalaryňyza "Yzarlama" duýduryşyny ýa-da saýlawyny iberer. Mundan başga-da, siz Internet Explorer 10-da islegiňiz boýunça, özbaşdak enjamlaryň atlarynyň jetwelini (DNT) "Öçürip" ýa-da "Ýakyp" bilýärsiňiz. Yzarlanmakdan Goranmak Sanawlary we Yzarlamaň barada giňişleýin maglumat üçin Internet Explorer –iň gizlinlik beýannamasy na ýa-da Internet Explorer-iň Kömegi ne seretmegiňizi haýyş edýäris.
Aýratyn mahabat kompaniýalary hem özleriniň çykmak aýratynlyklaryny, bulardan başga-da, ösen mahabat saýlawlaryny hödürläp bilerler. Mysal üçin, Microsoft-yň mahabat saýlawy we çykmak opsiýalary http://choice.live.com/advertisementchoice/ salgysynda elýeterlidir. Mahabatlardan çykmak, size mahabat gelmejekdigini ýa-da has az mahabat geljekdigini aňlatmaýar, emma çykmagy saýlasaňyz, size gelýän mahabatlar özüňizi alyp barşyňyza görä niýetlenen mahabatlar bolmaz. Üstesine-de, çykmaklyk maglumatyň serwerlerimize gitmegini togtatmaýar, emma ol özüňi alyp baryşyň mahabaty üçin ulanan profaýllerimiziň döretmesini we täzelenmesini togtadýar.
Web Maýagynyň Ulanylyşy
Gutapjyklaryň saýtlarymyza gowuşmagyna ýardam bermek üçin ulanyp boljak, şol sahypalara girýänleriň we bileleşik hyzmatlary iýberýänleriň sanyny sanamaga mümkinçilik berýän Microsoftyň web sahypalary web maýaklar - käwagtlar ýeke-piksel gif-ler diýip atlandyrylýan elektron şekilleri özünde saklap bilýär. Höweslendiriji e-poçta habarlarymyzyň ýa-da täzelik hatlarymyzyň açylandygyny, olardaky zatlara amal edilendigini kesgitlemek üçin kämahal şol habarlara web bellijeklerini goşmagymyz mümkin.
Microsoft sahypasyndaky bir mahabata basmagyň näçe ýygylykda satyn almak ýa-da mahabatçynyň sahypasynda başga hereketleri ýerine ýetirmek bilen netijelenýändigi baradaky statistikalary döretmek maksatly, olaryň sahypalaryna web bellijeklerini goýmak boýunça Microsoft sahypalaryna mahabat berýän beýleki kompaniýalar bilen hem işleşip bileris.
Microsoft sahypalary, höweslendiriji aksiýalarymyzyň ýa-da beýleki web amallarymyzyň täsiri barada jemleýji statistikalary ýygnamak üçin üçünji taraplardan web bellijeklerini öz içine alyp biler. Bu web bellijekleri, üçünji taraplaryň siziň kompýuteriňize gutapjyk ýerleşdirmegine ýa-da ýerleşdiren gutapjygyny okamagyna rugsat berip biler. Sahypalarymyzdaky üçünji tarap web bellijekleriniň siziň şahsy maglumatlaryňyzy ýygnamagyny ýa-da şol maglumatlara girmegini gadagan edýäris. Şeýle-de bolsa, aşakdaky seljeriş üpjün edijileriň hersiniň baglanyşygyna basmak arkaly şu üçünji tarap seljeriş kompaniýalarynyň maglumat ýygnamagyny ýa-da şol maglumatlary ulanmagyny bekläp bilersiňiz:
Beýleki Meňzeş Tehnologiýalar
Adaty gutapjyklardan we web bellijeklerinden başga-da, web sahypalary kompýuteriňizde maglumat faýllaryny saklamak we olary okamak üçin başga tehnologiýalary hem ulanyp bilerler. Bu, siziň saýlawlaryňyzy gorap saklamak ýa-da belli faýllary ýerli ýagdaýda saklamak arkaly tizligi we öndürijiligi gowulandyrmak üçin bolup biler. Emma, adaty gutapjyklar ýaly ony hem özüňizi alyp barşyňyzy yzarlamak üçin siziň kompýuteriňize özboluşly kesgitleýjini ýerleşdirmekde ulanyp bolýar. Bu tehnologiýalaryň arasynda Local Shared Objects (ýa-da "Flash gutapjyklary") we Silverlight Application Storage bar.
Local Shared Objects ýa-da "Flash gutapjyklary." Adobe Flash tehnologiýalaryny ulanýan web sahypalary, kompýuteriňizde maglumatlary saklamak üçin Local Shared Objects ýa-da "Flash gutapjyklary"-ny ulanyp biler. Flash gutapjyklaryny arassalamak aýratynlygyny adaty gutapjyklar üçin sazlamalar arkaly dolandyryp bolmazlygynyň mümkindigini, brauzere baglylykda munuň üýtgeýändigini ýatdan çykarmaň. Flash gutapjyklaryny dolandyrmak ýa-da blokirlemek üçin http://www.macromedia.com/support/documentation/en/flashplayer/help/settings_manager.html salgysyna gidiň.
Silverlight Application Storage. Microsoft Silverlight tehnologiýasyny ulanýan web sahypalary ýa-da programmalar Silverlight Application Storage ulanmak arkaly maglumatlary saklap bilýärler. Şeýle saklamagy nädip dolandyrmalydygyny ýa-da blokirlemelidigini öwrenmek üçin Silverlight sahypasyna girip görüň.
Microsoft öndürijilikli işlemek we mümkin bolan iň oňat önümleri, hyzmatlary we tejribeleri size ýetirmek üçin köp dürli maglumatlary ýygnaýar.
Hasap açanyňyzda, hasabyňyza gireniňizde, sahypalarymyza we hyzmatlarymyza gireniňizde maglumat ýygnaýarys. Başga kompaniýalardan hem maglumat alyp bileris.
Bu maglumatlary web maglumatnamalaryndan, gutapjyklar ýaly tehnologiýalardan, webde sessiýa açmak, kompýuteriňizdäki ýa-da beýleki enjamlaryňyzdaky programma üpjünçiligi ýaly dürli usullar bilen ýygnaýarys.
Microsoft öndürijilikli işlemek we mümkin bolan iň oňat önümleri, hyzmatlary we tejribeleri size ýetirmek üçin köp dürli maglumatlary ýygnaýar. Bu maglumatlaryň käbirini bize gönüden-göni berýärsiňiz. Käbir maglumatlary biziň önümlerimiz we hyzmatlarymyz bilen gatnaşygyňyzy synlamak arkaly gazanýarys. Maglumatlaryň käbiri bolsa beýleki çeşmelerde elýeterli bolup, olary gönüden-göni ýygnan maglumatlarymyz bilen birleşdirip bileris. Çeşmesiniň haýsydygyna garamazdan, maglumatlara seresaplylyk bilen amal edilmelidigine we hususylygyňyzy goramaga kömek etmelidigimize ynanýarys.
Ýygnaýan zatlarymyz:
Nädip ýygnaýarys:
Sahypalarymyzy we hyzmatlarymyzy nähili ulanýandygyňyz barada aşakdakylar ýaly birnäçe usuldan we tehnologiýadan peýdalanýarys:
Microsoft ýygnan maglumatlaryny öz hödürleýän önümlerini we hyzmatlaryny işletmek, ösdürmek we şahsylaşdyrmak üçin ulanýar.
Şeýle hem, maglumatlary siziň bilen habarlaşmak maksatly, mysal üçin, hasabyňyz we gorag täzelenmeleri hakda size maglumat bermek üçin ulanarys.
Maglumatlary, mahabat goldawly hyzmatlarymyzyň size has degişli bolmagy üçin hem ulanyp bileris.
Microsoft ýygnan maglumatlaryny öz hödürleýän önümlerini we hyzmatlaryny işletmek, ösdürmek we şahsylaşdyrmak üçin ulanýar. Microsoft-yň bir hyzmaty tarapyndan ýygnalan maglumatlar, biz bilen aragatnaşygyňyzda has yzygiderliligi we şahsylaşdyrylan tejribäni üpjün etmek üçin beýleki Microsoft hyzmatlary tarapyndan ýygnalan maglumatlar bilen birleşdirilip bilner. Bu maglumatlaryň üstüni, beýleki kompaniýalardan alnan maglumatlar bilen hem dolduryp bileris. Mysal üçin, belli hyzmatlary geografiki sebtiňize laýyklamak üçin IP salgyňyz esasynda umumy geografiki sebti kesgitlemekde beýleki kompaniýalardan alnan maglumatlary ulanyp bileris.
Mundan başga-da, abunalygyňyz gutaryp barýarka, gorag täzelenmeleri elýeterli bolsa ýa-da hasabyňyzy işjeň saklamak üçin bir zat etmeli bolsaňyz, size habar bermekde maglumatlary ulanyp bileris.
Microsoft sahypalarynyň we hyzmatlarynyň köpüsini mugt hödürleýär, sebäbi olar mahabat bilen goldanýar. Bu hyzmatlaryň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, görýän mahabatlaryňyzy size has degişli etmek üçin ýygnaýan maglumatlarymyzy ulanmagymyz mümkin.
Şu gizlinlik beýannamasynda düşündirilenden başga, şahsy maglumatlaryňyzy razylygyňyzy almazdan üçünji taraplara mälim etmeris.
Microsoft şäriklikleri we satyjylary bilen paýlaşmagymyz, kanuna boýun egmek, kazyýet işine jogap bermek, galplyga garşy göreşmek ýa-da hukuklarymyz goramak, ömri goramak ýaly maglumatlary haýsy ýagdaýda mälim edip biljekdigimiz barada jikme-jik maglumat üçin Beýleki möhüm gizlinlik maglumatlary-na serediň.
Şahsy maglumatlary paýlaşmak ýa-da mälim etmek barada has giňişleýin maglumat üçin şu ýere basyň:
Käbir Microsoft hyzmatlary şahsy maglumatlaryňyzy onlaýn görmäge ýa-da redaktirlemäge mümkinçilik berýär. Başgalaryň şahsy maglumatlaryňyzy görmeginiň öňüni almak üçin ilki hasabyňyza girmeli bolarsyňyz. Şahsy maglumatlaryňyza nädip girip biljekdigiňiz, ulanan sahypalaryňyza ýa-da hyzmatlaryňyza bagly bolar.
Microsoft.com - Microsoft.com salgysyndaky profiliňize, Microsoft.com Profil merkezi-ne gitmek arkaly girip we ony täzeläp bilersiňiz.
Microsoft Faktura we hasap hyzmatlary - Siziň Microsoft faktura hasabyňyz bar bolsa, maglumatlaryňyzy Microsoft Faktura web sahypasynda "Şahsy maglumatlar" ýa-da "Faktura maglumatlary" baglanyşygyna basmak arkaly täzeläp bilersiňiz.
Microsoft Connect - Eger siz Microsoft Connect-iň hasaba alnan ulanyjysy bolsaňyz, Microsoft Connect web sahypasynda Connect profiliňizi dolandyryň düwmesine basmak arkaly şahsy maglumatlaryňyza girip we olary redaktirläp bilersiňiz.
Windows Live - Windows Live hyzmatlaryny ulanan bolsaňyz, Windows Live Hasap hyzmatlary-na girmek arkaly profil maglumatlaryňyzy täzeläp, parolyňyzy üýtgedip, gizlin maglumatlaryňyz bilen baglanyşykly özboluşly ID-ňizi görüp ýa-da belli hasaplary ýapyp bilersiňiz.
Windows Live köpçülige açyk profili - Eger Windows Live-da köpçülige açyk profil döreden bolsaňyz, Windows Live profiliňize gitmek arkaly köpçülige açyk profiliňizdäki maglumatlary redaktirläp ýa-da ýoklap bilersiňiz.
Gözleg mahabaty - Microsoft Advertising arkaly gözleg mahabatyny satyn alsaňyz, Microsoft adCenter web sahypasynda şahsy maglumatlaryňyzy gözden geçirip we redaktirläp bilersiňiz.
Microsoft Hyzmatdaş meýilnamalary - Eger Microsoft Hyzmatdaş meýilnamalarynda hasaba alnan bolsaňyz, Hyzmatdaş meýilnamasy web sahypasynda Hasabyňyzy dolandyryň düwmesine basmak arkaly profiliňizi gözden geçirip we redäktirläp bilersiňiz.
Xbox - Eger siz Xbox LIVE ýa-da Xbox.com ulanyjysy bolsaňyz, Xbox 360 konsolyňyzdan ýa-da Xbox.com web sahypasyndan Meniň Xbox-ym arkaly faktura we hasap maglumatlaryňyz, gizlinlik sazlamalaryňyz, onlaýn howpsuzlyk we maglumat paýlaşmak ileri tutmalaryňyz ýaly şahsy maglumatlaryňyzy görüp ýa-da redaktirläp bilersiňiz. Hasap maglumatlary üçin Meniň Xbox-ym, Hasaplar-y belläň. Beýleki şahsy maglumat sazlamalary üçin Meniň Xbox-ym, soňra Profil-i, soňra bolsa Onlaýn howpsuzlyk sazlamalary-ny belläň.
Zune - Eger siziň Zune hasabyňyz ýa-da Zune Pass abunalygyňyz bar bolsa, Zune.net salgysynda (hasabyňyza giriň, Zune belligiňize giriň, soňra Hasaplarym-a giriň) ýa-da Zune programma üpjünçiligi arkaly (hasabyňyza giriň, Zune belligiňize giriň, soňra Zune.net profilini bellaň) şahsy maglumatlaryňyzy görüp we redaktirläp bilersiňiz.
Microsoft sahypalary ýa-da hyzmatlary tarapyndan ýygnalan şahsy maglumatlaryňyza ýokardaky baglanyşyklar arkaly girip bilmeseňiz, bu sahypalar we hyzmatlar maglumatlaryňyza girmegiň başga ýollaryny berip biler. Web maglumatnamasyny ulanmak arkaly Microsoft-a ýüz tutup bilersiňiz. Şahsy maglumatlaryňyza girmek ýa-da olary ýoklamak baradaky islegleriňize 30 günüň dowamynda jogap bereris.
Microsoft sahypasy ýa-da hyzmaty ýaş barada maglumat ýygnanynda, 13 ýaşdan kiçi ulanyjylary bökdär ýa-da çaga şol sahypany ýa-da hyzmaty ulanyp bilmezden öňürti ene-atasyndan ýa-da howandaryndan rugsat almagyny sorar.
Rugsat berlensoň, çaganyň hasaby başgalar bilen aragatnaşyk gurmagy hem goşmak bilen edil beýleki hasaplar ýaly bolar.
Ene-atalar şu gizlinlik beýannamasynda düşündirilişi ýaly rugsat berip ýa-da rugsady ýatyryp bilerler.
Microsoft sahypasy ýa-da hyzmaty ýaş barada maglumat ýygnanynda, ýa-ha 13 ýaşdan kiçi ulanyjylary bökdär ýa-da çaga şol sahypany ýa-da hyzmaty ulanyp bilmezden öňürti ene-atasyndan ýa-da howandaryndan rugsat almagyny sorar. 13 ýaşdan kiçi çagalardan hyzmtaty üpjün etmek üçin zerur maglumatlardan artykmaç maglumaty bilgeşlin soramarys.
Rugsat berlensoň, çaganyň hasaby edil beýleki hasaplar ýaly bolar. Çaga e-poçta, gyssagly habarlaşmak we onlaýn habar panelleri ýaly aragatnaşyk hyzmatlaryna girip, ähli ýaşlarda beýleki ulanyjylar bilen erkin aragatnaşyk gurup bilerler.
Ene-atalar ozal berlen rugsat saýlawlaryny üýtgedip ýa-da ýatyryp, çagalarynyň şahsy maglumatlaryny gözden geçirip, redaktirläp ýa-da şol maglumatlaryň ýoklanmagyny sorap bilerler. Mysal üçin, Windows Live-da ene-atalar Hasap-laryna girip we"Ene-ata rugsatlary"-na basyp bilerler.
Microsoft sahypalaryndaky we hyzmatlaryndaky onlaýn mahabatlaryň köpüsi Microsoft Advertising tarapyndan görkezilýär. Size onlaýn mahabatlary görkezenimizde, kompýuteriňizi tanamak maksady bilen enjamyňyza bir ýa-da birnäçe gutapjyk ýerleşdireris. Wagtyň geçmegi bilen mahabat berýän sahypalarymyzdan maglumat ýygnap we ol maglumatlary size has degişli mahabatlary üpjün etmek üçin ulanyp bileris.
Çykmak sahypamyza girip görmek arkaly Microsoft Advertising-den niýetlenen mahabatlary almagy bekläp bilersiňiz.
Web sahypalarymyzyň we hyzmatlarymyzyň köpüsi mahabatlar tarapyndan goldanýar.
Microsoft sahypalaryndaky we hyzmatlaryndaky onlaýn mahabatlaryň köpüsi Microsoft Advertising tarapyndan görkezilýär. Size onlaýn mahabatlary görkezenimizde, her gezek mahabat görkezilende kompýuteriňizi tanamak maksady bilen enjamyňyza bir ýa-da birnäçe hemişelik gutapjyk ýerleşdireris. Öz web sahypalarymyzdaky mahabatlara hyzmat berşimiz ýaly, mahabat we neşir boýunça hyzmatdaşlarymyzyň mahabatlaryna-da hyzmat berýäris, şol sebäpli wagtyň geçmegi bilen siziň ýa-da siziň kompýuteriňizi ulanýanlaryň giren ýa-da gören sahypalarynyň görnüşleri, mazmuny we mahabatlary barada maglumat ýygnap bilýäris. Bu maglumatlar köp maksatly peýdalanylýar, mysal üçin, şol bir mahabatlary gaýtalap görmezligiňizi üpjün edýär. Bu maglumatlary, sizi gyzyklandyryp biläýjek niýetlenen mahabatlary saýlamak we görkezmek üçinem ulanýarys.
Çykmak sahypamyza girip görmek arkaly Microsoft Advertising-den niýetlenen mahabatlary almagy bekläp bilersiňiz. Microsoft Advertising-iň maglumatlary ýygnaýşy we ulanyşy barada has giňişleýin maglumat üçin Microsoft Advertising Gizlinlik beýannamasy-na serediň.
Beýleki mahabat torlary ýaly üçünji tarap mahabat kompaniýalarynyň hem biziň sahypalarymyzda mahabat görkezmegine rugsat berýäris. Käbir ýagdaýlarda bu üçünji taraplaryň siziň kompýuteriňize gutapjyklary ýerleşdirmegi mümkin. Bu kompaniýalara häzirki wagtda aşakdakylar degişlidir, emma bular bilen çäklenmeýär: 24/7 Real Media, adblade, AdConion, AdFusion, Advertising.com, AppNexus, Bane Media, Brand.net, CasaleMedia, Collective Media, InMobi, Interclick, Jumptap, Millennial Media, Nugg.ad AG, Mobclix, Mojiva, SpecificMedia, Tribal Fusion, ValueClick, Where.com, Yahoo!, YuMe, Zumobi. Bu kompaniýalar özleriniň gutapjyklarynda niýetlenen mahabatlardan çykmagyň usulyny hödürläp bilerler. Ýokardaky kompaniýalaryň atlaryna basmak we her kompaniýanyň web sahypasyndaky baglanyşyklara eýermek arkaly has giňişleýin maglumat tapyp bilersiňiz. Olaryň köpüsi, gatnaşyjy kompaniýalardan gelýän niýetlenen mahabatlary beklemek üçin ýönekeý bir usul bolan Network Advertising Initiative ýa-da Digital Advertising Alliance agzasy bolup durýarlar.
Size gelen e-poçtadaky ýörite görkezmelere eýermek bilen geljekde Microsoft sahypalaryndan we hyzmatlaryndan höweslendiriji e-poçtalaryň gelmegini durzup bilersiňiz. Degişli hyzmata baglylykda, belli Microsoft sahypalaryndan we hyzmatlaryndan höweslendiriji e-poçta, telefon jaňlaryny we poçta boýunça gelýän hatlary almak üçin isläniňizi işjeňleşdirip bilersiňiz.
Bizden höweslendiriji e-poçtalary alsaňyz we geljekde olaryň gelmegini duruzmak isleseňiz, şol habardaky görkezmelere eýermek arkaly olary durzup bilersiňiz.
Degişli hyzmata baglylykda, aşakdaky sahypalary açmak we hasabyňyza girmek arkaly belli Microsoft sahypalaryndan we hyzmatlaryndan höweslendiriji e-poçta, telefon jaňlaryny we poçta boıunça gelıän hatlary almak üçin isläniňizi işjeňleşdirip bilersiňiz.
Bu saýlawlar onlaýn mahabatlaryň görkezilmegine degişli bolmaýar: bu mesele barada maglumat üçin "Mahabatlaryň görkezilişi (Çykmak)" bölümine serediň. Şeýle hem olar, hyzmaty bes edýänçäňiz belli döwürlerde size iberilmegi mümkin, belli Microsoft hyzmatlarynyň bölegi hasaplanýan hökmany hyzmat aragatnaşyklarynyň alynmagyna degişli bolmaýarlar.
Ýerleşiş hyzmaty ýa-da usuly ulananyňyzda, elýeterli öýjükli wyşkalaryň maglumatlary, Wi-Fi maglumatlary we Global Pozisionirleme Ulgamyň (GPS) maglumatlary Microsoft-a iýberilip biliner. Soraýan hyzmatlaryňyz bilen üpjün etmek, tejribäňizi şahsylaşdyrmak we Microsoft önümlerini we hyzmatlaryny kämilleşdirmek üçin Microsoft ýerleşilýän ýer baradaky maglumaty ulanýar.
Käbir hyzmatlar ýerleşilýän ýer baradaky maglumatynyň Microsoft-a haçan iýberilendigini ýa-da beýlekilere haçan elýeterli bolandygyny gozegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Käbir ýagdaýlarda, ýerleşilýän ýer baradaky maglumat hyzmat etme üçin möhüm ähmiýeti bolup, ýerleşilýän ýer baradaky maglumatyň iýberilmegini togtatmak üçin usulyň aýrylmagyny ýa-da hyzmatyň bes edilmegini talap edip bilýär. Ýerleşilýän ýer baradaky usullary nädip öçürmek baradaky maglumat üçin enjamyň ýany bilen gelýän resminamalara salgylanyň.
Goldaw maglumaty diýlip, siz goldaw haýyşyny iberen ýa-da awtomatik mesele çözüjini işleden wagtyňyz ýygnaýan maglumatlarymyz, şol sanda kompýuter enjamlary, programma üpjünçiligi barada we goldaw wakasy bilen baglanyşykly beýleki maglumatlar, ýa-da kontakt ýa-da hakykylyk barlagy hakda, söhbet seansyny hususylaşdyrmak hakda maglumatlar, kompýuteriň we problema sebäp bolan programmanyň ýagdaýy baradaky maglumatlar, şeýle hem, anyklaýyş geçirilýän wagtynda, programma gurnawlary we enjam konfigurasiýalary hem-de ýalňyşlyk yzarlaýjy faýllar hakda ulgam we reýestr maglumatlary göz öňünde tutulýar. Biz goldaw maglumatyny şu gizlinlik beýannamasynda beýan edilişi ýaly ulanýarys we mundan başga-da, ondan goldaw wakasyny çözmek hem-de okuw maksatlary üçin peýdalanýarys.
Goldawyň telefon, e-poçta ýa-da onlaýn söhbet arkaly berilmegi mümkin. Wagtlaýynça iş stoluňyzda gezmek üçin, siziň rugsadyňyz bilen, uzakdaky birikme (UB) ulanmagymyz mümkin. Goldaw hünärmenleri bilen amala aşyrylan telefon gepleşikleriniň, onlaýn söhbet seanslarynyň ýa-da uzakdaky birikme seanslarynyň ýazga alynmagy we/ýa-da gözegçilik edilmegi mümkin. UB üçin, seansdan soňra ýazgylara girmegiňiz hem mümkin. Onlaýn söhbet ýa-da UB üçin, islän wagtyňyz seansy gutaryp bilersiňiz.
Goldaw wakasyndan soňra, siziň tejribäňiz we teklipleriňiz barada soragnama ibermegimiz mümkin. Goldaw bilen habarlaşyp ýa-da e-poçta kolontituly arkaly, Microsoft tarapyndan üpjün edilýän beýleki kommunikasiýalardan aýratynlykda gelýän goldaw soragnamalaryny siz hökman ret etmeli.
Biziň goldaw hyzmatlarymyz arkaly ýygnalan şahsy maglumatlaryňyzy gözden geçirip redaktirlemek üçin, biziň Web formamyzy ulanmak arkaly biziň bilen habarlaşyň.
Käbir biznes müşderileri güýçlendirilen goldaw tekliplerini satyn alyp biler (mes. Premier we ş.m.). Bu teklipler özleriniň şertnama şertlerine we habarnamalaryna tabyndyr.
Onlaýn satyn almalary ýerine ýetiriňizde Töleg Maglumatlary siziň üpjün edýän maglumatyňyzdyr. Bu töleg guralynyň belgisini (mysal üçin, kredit kartyny, PayPal-y), adyňyzy we faktura salgyňyzy, şeýle hem töleg guralyňyz (mysal üçin, CSV ýa-da CVV) bilen bagly bolan howpsuzlyk koduny öz içine alyp bilýär. Bu bölüm töleg malumatyňyzyň toplamasyna we ulanmasyna degişli bolan goşmaça maglumaty üpjün edýär.
Töleg Maglumatlary onlaýn satyn almalary ýerine ýetiriňizde siziň üpjün edýän maglumatyňyzdyr. Bu töleg guralynyň belgisini (mysal üçin, kredit kartyny, PayPal-y), adyňyzy we faktura salgyňyzy, şeýle hem töleg guralyňyz (mysal üçin, CSV ýa-da CVV) bilen bagly bolan howpsuzlyk koduny öz içine alyp bilýär. Bu bölüm töleg malumatyňyzyň toplamasyna we ulanmasyna degişli bolan goşmaça maglumaty üpjün edýär.
Töleg Maglumatlary tranzaksiýaňyzy tamamlamak, şeýle hem aldawçylygyň ýüze çykarylmagy we öňüni alynmaklygy sebäpli ulanyldy. Şu maksatlaryň goldawy üçin, Microsoft siziň Töleg Maglumatlaryňyzy banklar we töleg tranzaksiýalary ýa-da beýleki maliýe hyzmatlaryny amala aşyrýan beýleki edaralar bilen, şeýle hem aldawçylygyň öňüni almak we kredit howpuny peseltmek üçin paýlaşyp biler.
Microsoft ýa-da guramaçylyk hasabyňyz bilen girýän wagtyňyz Töleg Maglumatlaryny üpjün edeniňizde, biz indiki tranzaksiýalaryňyzy tamamlamaga ýardam bermek üçin şol maglumatlary saklarys.
https://commerce.microsoft.com girmek bilen Microsoft hasabyňyza bagly bolan töleg guralynyň maglumatyny täzeläp ýa-da aýyryp bilersiňiz. Müşderi Goldawy bilen baglanyşyp, guramaçylyk hasabyňyza bagly bolan töleg guralynyň maglumatyny aýyryp bilersiňiz.. Hasabyňyzy ýapanyňyzdan soňra ýa-da töleg guralyny aýyranyňyzda her niçik-de bolsa, Microsoft-yň hukuk we hasabat talaplaryna boýun egmek we aldawçylygyň ýüze çykarylmagy we öňüni alynmaklygy sebäpli, Microsoft töleg guralyňyzyň maglumatlaryny tä siziň bar bolan tranzaksiýaňyzyň tamamlanmagy üçin gerek boldugyça saklaýar.
Microsoft hasaby (öňki ady Windows Live ID we Microsoft Passport) size Microsoft-yň, şeýle hem, saýlama Microsoft hyzmatdaşlarynyň önümlerinde, web sahypalarynda we hyzmatlarynda hasabyňyza girmäge mümkinçilik berýän hyzmatdyr. Microsoft hasabyny döredeniňizde belli maglumatlary bermegiňizi soraýarys. Microsoft hasabyňyzy ulanyp, bir sahypada ýa-da hyzmatda hasabyňyza gireniňizde sizi erbet niýetli hasap ulanyşyndan goramak üçin hem-de Microsoft hasaby hyzmatynyň öndürijiligini we ygtybarlylygyny goramak üçin sahypanyň ýa-da hyzmatyň adyndan şahsyýetiňizi tassyklamak maksady bilen belli maglumatlary ýygnaýarys. Şeýle hem, Microsoft hasabyňyz bilen giren sahypaňyza ýa-da hyzmatyňyza belli maglumatlary iberýäris.
Microsoft hasaby barada Microsoft hasabyny döretmek we ulanmak ýaly goşmaça maglumatlary, hasap maglumatlaryny nädip redaktirlemelidigini, Microsoft hasabyna degişli maglumatlary nähili ýygnaýandygymyzy we ulanýandygymyzy görmek üçin "Has giňişleýin öwren"-e basyň.
Microsoft hasaby (öňki ady Windows Live ID we Microsoft Passport) size Microsoft-yň, şeýle hem, saýlama Microsoft hyzmatdaşlarynyň önümlerinde, web sahypalarynda we hyzmatlarynda hasabyňyza girmäge mümkinçilik berýän hyzmatdyr. Muňa aşakdakylar ýaly önümler, web sahypalary we hyzmatlar degişlidir:
Microsoft hasabyny döretmek.
E-poçta salgysyny, paroly we ätiýaçlyk e-poçta salgysy ýaly beýleki hasap subutnamalaryny, telefon belgisini, bir sorag we onuň gizlin jogabyny bermek arkaly şu ýerde Microsoft hasabyny döredip bilersiňiz. Hasap subutnamalaryňyzy diňe gorag maksatly ulanarys - mysal üçin, Microsoft hasabyňyza girip bilmedik we kömege mätäç bolan halatyňyzda, Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşdyrylan e-poçta salgyňyza girip bilmän, parolyňyzy nol etmeli bolanyňyzda. Käbir hyzmatlar goşmaça gorag talap edip biler, şol ýagdaýlarda sizden goşmaça gorag açary soralmagy mümkin. Microsoft hasabyny döretmek üçin ulanýan e-poçta salgyňyz we parolyňyz, biziň torumyzda tanalmak üçin ulanýan "gizlin maglumatlaryňyz" bolup durýar. Mundan başga-da, gizlin maglumatlaryňyza 64-bit özboluşly ID bellener we gizlin maglumatlaryňyzy hem-de baglanyşykly maglumatlary kesgitlemekde ulanylar.
Microsoft hasabyny döredeniňizde, aşakdaky maglumatlary bermegiňizi sorarys: jynsyýetiňiz, ýurduňyz, doglan senäňiz we poçta koduňyz. Çagalaryň kanuna laýyklykda Microsoft hasabyny ulanmak üçin ene-atasyndan ýa-da howandaryndan rugsat almagyny üpjün etmek üçin doglan senäňizi ulanyp bileris. Mundan başga-da, bu maglumatlar size peýdaly bolmagy mümkin önümler we hyzmatlar hakda ýörite mahabatlary ibermek maksatly onlaýn mahabat ulgamlarymyzda ulanylar, emma mahabat ulgamlarymyz hiç haçan adyňyzy ýa-da habarlaşmak maglumatlaryňyzy almaz. Başgaça aýtsak, mahabat ulgamlarymyz sizi şahsy taýdan we gönüden-göni kesgitlemäge mümkinçilik berjek (adyňyz, e-poçta salgyňyz we telefon belgiňiz ýaly) maglumatlaryň hijisini öz içine almaz ýa-da ulanmaz. Ýöriteleşdirilen mahabatlary almak islemeseňiz, şu sahypa girmek arkaly bu islegiňizi Microsoft-da hasaba aldyryp bilersiňiz, şeýtseňiz, Microsoft hasabyňyz bilen web sahypalarynda ýa-da hyzmatlarynda hasabyňyza gireniňizde mahabat ulgamlarymyz size ýöriteleşdirilen mahabatlary ibermez. Microsoft-yň maglumatlary mahabat maksatly ulanyşy barada has giňişleýin maglumat üçin serediň Microsoft Advertising Gizlinlik beýannamasy.
Microsoft hasabyny açanyňyzda Microsoft tarapyndan berlen e-poçta salgysyny (soňy live.com, hotmail.com ýa-da msn.com bilen gutarýan) ýa-da üçünji bir tarapyň beren e-poçta salgysyny (soňy gmail.com ýa-da yahoo.com bilen gutarýan) ulanyp bilersiňiz.
Microsoft hasabyny döredeniňizden soň, Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşdyran e-poçta salgysynyň eýesidigiňizi tassyklamak üçin size bir e-poçta ibereris. Bu, e-poçta salgysynyň dogrudygyny tassyklamak we e-poçta salgylarynyň eýelerinden birugsat ulanylmagynyň öňüni almak üçindir. Şondan soň ol e-poçta salgysyny Microsoft önümlerini we hyzmatlaryny ulanyşyňyz bilen bagly habarlary ibermek üçin ulanarys, şeýle hem, ýerli kanunçylygyň rugsat berşi ýaly size Microsoft önümleri we hyzmatlary hakda höweslendiriji e-poçtalary ibermek üçin ulanyp bileris. Höweslendiriji habarlary alşyňyzy dolandyrmak barada maglumat üçin Aragatnaşyklar-a girip görüň.
Microsoft hasabyny döretmäge synanyşsaňyz we başga bir ulanyjynyň eýýäm siziň e-poçtaňyzy ulanyjy ady hökmünde alyp, gizlin maglumatlary döredendigini görseňiz, bize ýüz tutup we gizlin maglumatlaryňyzy döredeniňizde e-poçtaňyzy ulanyp biler ýaly beýleki şahsyň başga bir ulanyjy adyny almagyny haýyş edip bilersiňiz.
Microsoft hasabyňyz bilen programma üpjünçiliklerinde, sahypalarda ýa-da hyzmatlarda hasabyňyza girmek.
Microsoft hasabyňyzy ulanyp, bir sahypada ýa-da hyzmatda hasabyňyza gireniňizde sizi erbet niýetli hasap ulanyşyndan goramak üçin hem-de Microsoft hasaby hyzmatynyň öndürijiligini we ygtybarlylygyny goramak üçin sahypanyň ýa-da hyzmatyň adyndan şahsyýetiňizi tassyklamak maksady bilen belli maglumatlary ýygnaýarys. Mysal üçin, hasabyňyza gireniňizde Microsoft hasaby hyzmaty gizlin maglumatlaryňyzy we gizlin maglumatlaryňyza bellenen 64-bit özboluşly ID, IP salgyňyz, web brazeriňiziň wersiýasy, wagt we sene ýaly maglumatlary alýar we ýazga girizýär. Mundan başga-da, bir enjamda ýa-da enjamda gurnalan programma üpjünçiliginde hasabyňyza girmek üçin Microsoft hasabyny ulansaňyz, enjama tötänleýin bir özboluşly ID bellenýär, bu tötanleýin özboluşly ID indiki gezek Microsoft hasabyňyz bilen bir sahypada ýa-da hyzmatda hasabyňyza gireniňizde gizlin maglumatlaryňyzyň bir bölegi hökmünde Microsoft hasaby hyzmatyna iberiler. Microsoft hasaby hyzmaty, aşakdaky maglumatlary hasabyňyza giren sahypaňyza ýa-da hyzmatyňyza iberýär: sahypanyň ýa-da hyzmatyň bir gezek hasabyňyza giriş sessiýasyndan indiki girişe şol bir şahysdygyňyzy kesgitlemegine mümkinçilik berýän özboluşly ID belgisi, hasabyňyza bellenen wersiýa belgisi (her gezek hasabyňyza giriş maglumatlaryňyzy üýtgedeniňizde täze bir belgi bellenýär), e-poçtaňyzyň tassyklanandygy barada maglumat we hasabyňyzyň işjeňlikden aýrylyp aýrylmandygy barada maglumat.
Microsoft hasaby bilen hasabyňyza girmäge rugsat berýän käbir üçünji tarap sahypalary we hyzmatlary, hyzmatlaryny bermek üçin e-poçta salgyňyzy bermegiňizi talap edip biler. Şol ýagdaýlarda hasbayňyza gireniňizde Microsoft siziň e-poçta salgyňyzy sahypa ýa-da hyzmata berer, emma parolyňyzy bermez. Emma sahypada ýa-da hyzmatda gizlin maglumatlaryňyzy döreden bolsaňyz, parolyňyzy nol etmäge kömek etmek ýa-da beýleki goldaw hyzmatlaryny bermek üçin gizlin maglumatlaryňyz bilen baglanyşykly maglumatlara çäkli ygtyýarlylygy bolup biler.
Hasabyňyzy mekdep, kärhana, internet hyzmatyny üpjün ediji ýa-da dolandyrylýan domeniň iş dolandyryjysy ýaly üçünji tarapdan alan bolsaňyz, şol üçünji tarap siziň hasabyňyzda parolyňyzy nol etmek, hasaby ulanyşyňyzy ýa-da profil maglumatlaryňyzy görmek, hasabyňyzdaky mazmuny okamak ýa-da oňa mazmun ýerleşdirmek, hasabyňyzy saklamak ýa-da bes etmek ýaly hukuklara eýe bolup biler. Bu ýagdaýlarda Microsoft Hyzmat şertnamasy-na we şol üçünji tarapyň bar bolan ähli goşmaça şertlerine tabyn bolýarsyňyz. Eger dolandyrylýan bir domeniň iş dolandyryjysy bolsaňyz we ulanyjylaryňyzy Microsoft hasaplary bilen üpjün eden bolsaňyz, şeýle hasaplarda bolup geçýän ähli işjeňlikden siz jogapkär bolýarsyňyz.
Microsoft hasaby bilen hasabyňyza girmäge rugsat berýän sahypalaryň we hyzmatlaryň, e-poçta salgyňyzy ýa-da siziň beren beýleki maglumatlaryňyzy gizlinlik beýannamalarynda düşündirilişi ýaly ulanyp ýa-da paýlaşyp biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Emma olara Microsoft hasaby hyzmaty tarapyndan berlen özboluşly ID belgisini, diňe siziň soran bolmagyňyz mümkin bir hyzmady ýa-da amaly ýerine ýetirmek maksatly üçünji taraplar bilen paýlaşyp bilerler. Microsoft hasabyny ulanýan ähli sahypalaryň ýa-da hyzmatlaryň gizlinlik beýannamasyny ibermegi hökmanydyr, emma şol sahypalaryň gizlinlik amallaryny dolandyrmaýarys ýa-da olara gözegçilik etmeýäris, şol gizlinlik amallary biri-birinden tapawutly bolup biler. Her sahypanyň ýa-da hyzmatyň öz ýygnaýan maglumatlaryny nähili ulanýandygyny kesgitlemek üçin hasabyňyza giren her sahypaňyzyň gizlinlik beýannamasyny üns bilen gözden geçirmegiňiz maksadalaýyk bolar.
Şahsy maglumatlaryňyza hasap-dan girip bilersiňiz. Microsoft hasabyňyz dolandyrylýan domene degişli däl bolsa, ulanyjy adyňyzy üýtgedip bilersiňiz. Parolyňyzy, ätiýaçlyk e-poçta salgyňyzy, telefon belgiňizi, soragy we gizlin jogabyňyz islän wagtyňyz üýtgedip bilersiňiz. Şeýle hem, hasap-a girmek we "Hasabyňyzy ýapyň" düwmesine basmak arkaly Microsoft hasabyňyzy ýapyp bilersiňiz. Eger hasabyňyz ýokarda düşündirilişi ýaly dolandyrylýan bir domeniň içinde bolsa, hasabyňyz ýapmak üçin ýörite amallar bolup biler. MSN ýa-da Windows Live ulanyjysy bolsaňyz, hasaba gideniňizde şol sahypalara gönükdirilmegiňiziň mümkindigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Microsoft hasaby barada has giňişleýin maglumat Microsoft hasaby web sahypasy-nda elýeterlidir.
Şular hakda has giňişleýin öwreniň
Aşakda size wajyp boljak (ýa-da wajyp bolmajak) goşmaça gizlinlik beýannamasyny tapyp bilersiňiz. Bularyň köpüsi siziň bilmegiňizi isleýän umumy amallarymyzy düşündirýär, ýöne olar gizlinlik beýannamalarymyzyň ählisini görkezmek zerurdyr öýtmäň. Bularyň käbiri aç-açan zatlary düşündirýär (mysal üçin, kanuny taýdan maglumatlary mälim ederis), emma hukukçylarymyz her niçigem bolsa bulary aýtdyrýarlar. Bu maglumatlar amallarymyzyň doly düşündirilişi däldigini ýatdan çykarmaň - bularyň hemmesi siziň ulanýan her Microsoft önüminiň we hyzmatynyň gizlinlik beýannamasynda bar bolan has ýörite maglumatlara goşmaça hökmündedir.
Bu sahypada:
Şahsy Maglumaty Paýlaşma we Aýan Etme
Ondan başga-da siziň ulanýanönümiňiz we hyzmatyňyz üçin gizlinlik beýannamaňyzdaky islendikpaýlaşmabeýan edildi, Microsoft gizlin maglumaty paýlap we aýan edip bilýär:
Şeýle hem, aragatnaşyklaryňyzyň mazmunynam hasaba almak bilen şahsy maglumatlaryňyzy şular bilen paýlaşyp ýa-da mälim edip bileris:
Sahypalarymyzda gizlinlik amallary şolMicrosoft-yň amallaryndan tapawutly üçünji tarap sahypalaryna baglanyşyklar bolup biljekdigini bellemegiňizi haýyş edýäris. Şol sahypalaryň haýsydyr birine şahsy maglumatlaryňyzy iberseňiz, maglumatlaryňyz şol sahypalaryň gizlinlik beýannamalaryna tabyn bolar. Girýän ähli sahypalaryňyzyň gizlinlik beýannamasyny gözden geçirmegi maslahat berýäris.
Şahsy Maglumatyň Howpsuzlygyny Gorama
Microsoft şahsy maglumatyňyzyň howpsuzlygyny goramagy borçlandyrdy. Şahsy maglumatlaryňyzy birugsat girişden, ulanylmakdan ýa-da paş edilmekden goramak üçin dürli gorag tehnologiýalaryndan we amallaryndan peýdalanýarys. Mysal üçin, beren şahsy maglumatlaryňyzy giriş çäklendirilen we dolandyrylýan desgalarda ýerleşýän kompýuter ulgamlarynda saklaýarys. Gaty gizlin maglumatlary (kredit kartoçkasynyň belgisi ýa-da parol ýaly) internet üsti bilen iberenimizde, olary Secure Socket Layer (SSL) protokoly ýaly kodlamak arkaly goraýarys.
Eger parol hasaplaryňyzy we şahsy maglumatlaryňyzy goramak üçin ulanylýan bolsa, parolyňyzy gizlin saklamak öz jogapkärçiligiňizdir. Ony başgalar bilen paýlaşmaň. Eger kompýuteri başgalar bilen bilelikde ulanýan bolsaňyz, sizden soňky ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryňyza girmeginiň öňüni almak üçin sahypadan ýa-da hyzmatdan çykmazdan ozal sessiýany ýapyň.
Maglumat nirede Saklanyldy we Işläp Taýýarlanyldy
Microsoft saýtlarynda ýa-da hyzmatlarynda ýygnalan şahsy maglumat Birleşen Ştatlarynda ýa-da Microsoft-yň ýa-da onuň şahamçalarynyň, aýrybaşgalasan kompaniýalarynyň ýa-da amatly ýagdaýlary saklaýan hyzmat üpjün edijileriň islendik beýleki ýurtlarynda saklanmagy we işläp taýýarlanmagy mümkindir. Microsoft B.Ş. Söwda Ministrliginiň beýan edişi boýunça toplama, ulanma we Ýewropa Ykdysadyýet Zolagyndan, Şweýsariýadan maglumatlaryň saklanyşyna degişli B.Ş.-ÝB-niň Howpsuzlyk Zolagynyň Infrastrukturasyna we B.Ş.- Şweýsariýanyň Howpsuzlyk Zolagynyň Infrastrukturasyna eýerýär. Howpsuzlyk Zolagy programmasy hakynda giňişleýin öwrenmek, we biziň şahadatnamamyza seretmek üçin http://www.export.gov/safeharbor/ girip görüň..
Howpsuzlyk Zolagynyň programmasynda Microsoft gatnaşmasynyň çäginden çykman ugurlarymyz we tejribelerimiz mynasybetli emele gelýän dawalary çözmek üçin biz garaşsyz üçünji tarap TRUSTe-i ulanýarys. TRUSTe bilen baglanyşmak isleseňiz https://feedback-form.truste.com/watchdog/request girip görmegiňizi haýyş edýäris.
Microsoft kanuny borçnamalaryny ýerine ýetirmek, düşünişmezlikleri çözmek, şertnamalarymyzy durmuşa geçirmek ýaly dürli sebäpler bilen we hyzmatlary üpjün etmek täzerur bolýançaşahsy maglumatlaryňyzy saklap biler. Şahsy maglumatyňyza nädip girip boljakdygyny öwrenmek üçin girip görüň Maglumatyňyzy Ulanma.
Gizlinlik Beýannamalarymyzdaky Ýýtgeşmeler
Hyzmatlarymyzdaky üýtgeşmeleri we müşderilerimiziň jogaplaryny görkezmek üçin gizlinlik beýannamalarymyzy wagtal-wagtal täzeläris. Beýannamada üýtgetme edenimizde, beýannamanyň iň ýokarsyndaky "iň soňky täzelenen" senesini üýtgederis. Beýannamada ýa-da Microsoft-yň şahsy maglumatlaryňyzy ulanyşynda möhüm üýtgetmeler bar bolsa, şol üýtgetmeler güýje girmezden ozal habarnama goýmak arkaly ýa-da göni size habarnama ibermek arkaly duýdurarys. Microsoft-yň maglumatlaryňyzy nähili goraýandygyny öwrenmek üçin ulanýan önümleriňiziň we hyzmatlaryňyzyň gizlinlik beýannamalaryny yzygiderli gözden geçirip durmagyňyzy maslahat berýäris.
Biziň Bilen Nädip Habarlaşmaly
Microsoft Privacy, Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, Washington 98052 USA
Ýurduňyzda ýa-da sebitiňizdeMicrosoft-yň aýrybaşgalasan kompaniýasyny tapjak bolsaňyz http://www.microsoft.com/worldwide/ serediň.
FTC Gizlinlik başlangyçlary
Öýde gorag
Trustworthy Computing